
Täzelikler
197

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimdir.
Dabara gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli maglumatlardan ybarat bolan sergini synladylar. Onda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere degişli maglumatlar, ýurdumyzyň şypahanalarynyň mümkinçilikleri, dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň görnüşleri görkezilýär. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berlipdir.