
Täzelikler
191

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.
Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunda saglygy goraýyş we bilim ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleri anyklamak we olaryň öňüni almak bilen bagly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär.