
Täzelikler
146

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandyny nazara alyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ylmy derejäniň berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini we bu derejäni tutuş hytaý lukmançylygyna bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin lukman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek we iki ýurduň lukmançylyk ugurly uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bu ugurda bilelikde iş alyp barmak babatda edilýän tagallalaryň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi ýokary derejede geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Dabara gatnaşyjylar Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektoryny mynasyp bolan derejesi bilen gutladylar hem-de bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.