
Täzelikler
137

«Ylym» neşirýaty tarapyndan ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen «Häzirki zaman rus dili. Çylşyrymly sözlemiň sintaksisi» atly täze okuw kitaby (awtory: A.N. Neženes) neşir edildi. Okuw kitaby «Häzirki zaman rus dili» dersiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy.
Bu neşir çylşyrymly sözlemiň sintaksisi boýunça nazary bilimleri çuňlaşdyrmaga we berkitmäge, şeýle hem ýazuw sözleýşiniň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen durnukly punktuasiýa endiklerini ösdürmäge gönükdirilendir.
Okuw kitabynda çylşyrymly sözlemler boýunça grammatik maglumatlar gurluş-semantiki ýörelge esasynda beýan edilýär. Mundan başga-da, onda dürli görnüşli amaly işler ýerleşdirilip, olar talyplaryň dilden we ýazuwdan sözleýiş ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Goşmaça bölümde çylşyrymly sözlemleri seljermek boýunça nusgalar we özbaşdak işlemek üçin tabşyryklar berilýär.
Neşir talyplara häzirki zaman rus diliniň grammatikasyny öwrenmek arkaly janly sözleýşi özleşdirmäge, şeýle hem hünär ugurlary boýunça rus dilindäki edebiýatlary okamak we aragatnaşyk etmek üçin zerur bolan sintaktiki gurluşlara düşünmäge ýardam bermäge niýetlenendir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi