
Täzelikler
60

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Ýaşasyn türkmen-hytaý dostlugy» atly Hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynyň dowamynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-ine Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüni tutmagy bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňagatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty