
Täzelikler
33

Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmekde uly netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara döwrebap bilim bermegiň döwletimizde alnyp barylýan bilim syýasatynyň baş maksadydygyny nygtap belleýär, bu ulgamyň has-da ýokary derejelere çykmagy üçin ylmy taýdan esaslandyrylan okuw kitaplary hem-de gollanmalary neşir edilýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «XX asyr türkmen dil bilimi» atly okuw gollanmasy (awtory: H.Durdyýew – A.: Ylym, 2026. – 244 sah.) neşir edildi. Okuw gollanmasy ylmyň häzirki zaman gazananlary esasynda türkmen dili we edebiýaty hünäri üçin «XX asyr türkmen dil bilimi» ýörite dersi boýunça esasy temalary özünde jemleýär. Onda XX asyryň türkmen edebi diliniň meseleleri häsiýetlendirilýär, türkmen dil biliminiň ösüşiniň ugurlary boýunça ylmy barlaglaryň esasynda gelnen netijeler beýan edilýär. Türkmen dil biliminiň gadymy ösüş taryhyna seljermeler berlip, XX asyryň dowamynda we XXI asyryň başlarynda dilimiziň döwürleýin ösüş ýollary yzarlanylýar we onuň häsiýetli aýratynlyklaryna baha berilýär. Gollanmada dilimiziň ösüş taryhynda elipbiý meselesiniň çözülişi we özleşdirilişi, dürs ýazuw kadalarynyň düzülişi, adalgalaryň döredilişi, fonetik ulgamyň, grammatik gurluşyň işlenilişi hem-de diliň taryhynyň, türkmen dialektleriniň, leksikologiýanyň, stilistikanyň öwrenilişi döwürlere görä yzarlanylyp, şu meseleler bilen bagly ýerine ýetirilen ylmy barlag işleriň netijeleri anyklanylýar we olaryň türkmen dil biliminiň ösmegine eden täsiri kesgitlenilýär.
Okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat fakultetleriniň talyplaryna, aspirantlara, dilçi mugallymlara, türkmen dil biliminiň taryhy bilen gyzyklanýan hünärmenlere niýetlenýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi