
Täzelikler
41

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen milli atşynaslygymyzyň has-da ösdürilmegi, türkmen bedewleriniň toý-baýramlarymyzy bezäp dünýä dolan şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi üçin ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany» ýylynyň şygary has-da çuňňur many alyp, gözel diýarymyzyň ahalteke bedewleriniň taryhy ornuny we asylly däpleriň döwrebap ösüş bilen dowamatlylygyny alamatlandyrýar.Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň tutumly dabaralara beslenip uludan bellenmeginiň, ajaýyp senäniň şanyna dürli çäreleriň, şol sanda döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmeginiň özünde hem uly many bar. Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, bu baýramçylyga bagyşlanyp 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 15-neTürkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri – sungat äleminiň genji-hazynasy» atly mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Bu döredijilik sergide şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň ajaýyp keşbi şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň görnüşlerinde giňden beýan edilen birnäçe sungat eserleri görkezildi.
Behişdi bedewleri türkmeniň uçar ganatydyr. Ahalteke atlary türkmen halkynyň gözelliginiň, güýjüniň we durnuklylygynyň nyşany hasaplanýar. Türkmen bedewiniň gözel keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde aýratyn orun eýeleýär. Çeperçilik akymlarynyň, sungatyň dürli žanrlarynyň täsiri bilen has-da baýlaşdyrylan türkmen bedewiniň keşbini janlandyrýan nakgaş eserler sergimize aýratyn öwüşgin berýär. Sergide sungat ojagymyzyň mugallymlary we talyplary Perman Annagylyjowyň «Döwrüň bezegi», Astankul Magtymgulyýewiň «Erkin bedew», Abadan Gajyýewanyň «Bäsleşige taýýarlyk», Daýanç Hojamyradowyň «Türkmen toýy», Bakygeldi Sytdykowyň «Bedew batly Watanym», Rustam Kurbanowyň «Toýly Watanym» we bagça-da birnäçe eserler milli gymmatlyklarymyz bolan behişdi bedewlermiziň çeper beýany has-da takyk we aýdyň şöhlelendirilýär. Nakgaşlyk eserlerinde bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ösüşleri, parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileriň ganat ýaýyşy bilen sazlaşyklylykda ahalteke bedewiniň owadan keşbi täsin çeperçilik çözgütde tomaşaçylary haýrana goýýar. Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesinde gazanan üstünlikleriniň hem şekillendiriş sungaty eserlerinde öz beýanyny tapýar. Halypa mugallymlarymyzyň we talyp ýaşlarymyzyň döredijilik eserlerinde sungatyň dünýäsine aralaşmaga itergi berýän güýç we tükeniksiz pikirler jemlenýär. Şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk hünäri boýunça Patdyk Patdykowyň “Gyrat”, Serdar Jumaýewiň “Joşgun” we “At – myrat” atly heýkelleri döwrebap we nusgawy sungatyň mizemez müdimilik aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Sergidäki grafika eserleriniň aglabasynda bedewler şöhratly taryhymyzdaky wakalar bilen baglylykda suratlandyrylýar.
“Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň talyplarynyň Kömekgeldi Orazdurdyýewiň “Bedew waspy”, Begenç Amanowyň “At şaý-sepi”, Rysgal Güjikowyň “Bedew gözelligi” atly zergärçilik eserleriniň nepis ýasalyşy, Bahar Pirgulyýewanyň «Ruhy çeşmäm bedewim», Dilber Pirmämmedowanyň «Asudalyk», Jeren Hudaýberdiýewanyň «Türkmen bedewi» atly haly eserleriniň inçeden nepis dokalmagy bilen uly täsir galdyrýar. Göwüsbent, jylaw, maňlaýlyk we boýunlyk ýaly at şaý-seplerinde kümüş bilen altyn bezegi özboluşly aralaşdyrylyp, gyzyl reňkli hakyk we gök reňkli pöwrüze gaşlarynyň baý öwüşgünli haşam çözgüdine eýe bolýarlar. Ýaş suratkeş-zergär mugallymlar, talyplar häzirki günde diňe bir gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini ýerine ýetirmän, eýsem şanly senelere bagyşlanan sowgatlyk önümleri, behişdi bedewlerimize niýetlenen bezeg şaýlary ýasaýarlar. Keramika eserlerinde bolsa bedewiň waspy milli nagyşlaryň dürli göwrümdäki çeper sazlaşygynda öz beýanyny tapmagy sungatyň gadymy däpleriniň asyl nusgasyndan gözbaş alýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ajaýyp gymmatlyklar, milli sungatymyzda öz beýanyny tapýar. Döredijilik sergisinde sungat muşdaklaryna ýetirilen her bir eserlerde gaýtalanmajak pikirler bilen beýan edilen eserler ýaş mugallymlaryň we talyplaryň türkmen bedewlerimize bolan bimöçber söýgüsini artdyrýar. Kalplarda aýratyn orun alan şekillendiriş sungatynyň eserleri sungat taryhymyza müdimilik ýazylýar. Wagtyň geçmegi bilen bu eserler ylmy taýdan öwrenilmäge esas döredýär.
Jemal MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň talyby