
Täzelikler
50

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli we tehnologiýalara ukyply ýaşlary taýýarlamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu maksatlar çäginde kabul edilen “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin çäre meýilnamasy ýokary hünär bilimi ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, dünýäniň ösen tejribelerini ornaşdyrmaga we ylmy-tehnologik ösüşi çaltlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy we beýleki Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary bilimli inženerler, bakalawrlar we magistrler taýýarlanylýar.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça öňe sürlen strategiýaki syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaz çykaryş we gaýtadan işlemek mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu Ylalaşyk diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem ylmy-tehnologiki ösüşde hem uly mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň nebitgaz we energetika pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup hyzmat eder.
Geljekde, Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň çäklerinde halkara “iki diplom” bilim maksatnamasy boýunça bakalawrlary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti