
Täzelikler
83

2026-njy ýylyň 9-14-nji apreli aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça “2026 CAVA MEN’S AND WOMEN’S UNIVERSIADE GAMES” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyp oglan hem-de gyzlaryndan düzülen milli ýygyndylarynyň arasynda Halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa ýer eýeleri bolan Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan we Türkmenistanyň ýokary okuw-mekdepleriniň talyplaryndan düzülen milli ýygyndymyz gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen bu ýaryşyň netijesi boýunça oglanlarda, final oýnunda Türkmenistanyň talyplar milli ýygyndysy Özbegistanyň talyplar milli ýygyndysyny 3-1 hasap bilen ýeňip, mynasyp 1-nji orna eýe bolmagy başardylar. Zenanlarda bolsa biziň talyplarymyz baýrakly 3-nji ýeri eýelemegi başardylar.
Üstünlikli çykyş eden Milli ýygyndymyzyň düzüminde biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimiziň talyp oglan we gyzlary has hem netijeli oýun görkezmegi başardylar. Esasy düzümde çykyş eden talyplarymyz:
- Hemrakulyýew Bagtyýar
- Weýisow Baýramgeldi
- Allaberdiýew Ylham
- Ballykow Arslan
- Döwletow Akmyrat
- Nurgeldiýew Tirkiş
- Kadamjanowa Tawus
- Nuryýewa Tuwakbibi
- Pirmetowa Dilafruz
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti