
Täzelikler
39

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary Güljahan Ballyýewa we Gülzire Narbaýewa № 2-nji we № 3-nji ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda milli gymmatlyklarymyz, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat gürrüňdeşlikleri geçirdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda mugallymlar miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, maşgala agzybirliginiň ähmiýeti barada beýan etdiler.
Duşuşugyň dowamynda talyplar milli mirasymyz bolan türkmen ahalteke bedewi barada soraglar berdi. Mugallymlar “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglanyşdyryp türkmen bedewleri we olaryň orny barada gürrüň berdiler.
Bu döredijilikli söhbetdeşlikler türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni mirasyny nesilden-nesle geçirilmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.