
Täzelikler
40

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymlary we talyplary Arkadag şäheriniň Arkadag kanalynda şäheriň gurluşyk depgini, onuň aýratynlyklary we taryhy ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Häzirki döwürde köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Ikinji tapgyrda meýilleşdirilen desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda gurulýar. Ikinji tapgyrda derman önümlerini, azyk harytlaryny we beýleki sarp ediş harytlaryny öndürýän kärhanalaryň gurluşygyna üns berilýär.
Arkadag şäheri diňe bir binalar däl, eýsem sanly ulgamyň merkezi hökmünde ösdürilýär. Şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynda, hassahanalarda, saglyk merkezlerinde, senagat kärhanalarynda, bilim ojaklarynda sanly ulgamlar arkaly dolandyrylmaklygy ýola goýulýar. Bu şäher ýurdumyzyň ýokary tehnologiýalara we sanly ykdysadyýete geçmäge bolan ygrarlylygyny aýdyň görkezýär. Arkadag şäheri şähergurluşykda döwrebap çözgütleri we innowasion tehnologiýalary birikdirýän ýeke-täk taslama hökmünde çykyş edýär.
Arkadag şäheri we ahalteke bedewleri biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şäher döredilen gününden başlap, dünýäniň atçylyk merkezi hökmünde ykrar edildi. Sebäbi Arkadag şäherinde atçylyk bilen baglanyşykly desgalaryň sany köpelýär. Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk Akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, atly heýkeller we seýilgähler ýerleşýär.
Arkadag şäheri şol gadymy gymmatlygymyzy häzirki zaman tehnologiýalary we ylymlary bilen utgaşýan merkezine öwürdi. Bu akylly şäher taryhyň dowamatyny we innowasiýalaryň täze sahypasyny özünde birleşdirýän geljegiň mekanydyr.
Ýazgynyň dowamynda mugallymlar we talyplar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp geljegi peşgeş bermekde edýän tagallalary üçin özleriniň sag bolsunlaryny we alkyşlaryny aýtdylar.