
Täzelikler
160

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Umumy netijelere görä, gatnaşyjylar 26 sany baýrakly orny: 5 sany birinji, 9 sany ikinji we 12 sany üçünji orunlary eýelediler.
Birinji orna mynasyp bolan bäşlige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Döwran Akmyradow we Yslam Şamadow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan Arslan Baýramow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Emir Merdanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden Begenç Baýrammyradow girdiler.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň ders boýunça ýokary derejeli taýynlygyny, ýaşlaryň sanly ulgamdan we innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýändigini görkezdi.