
Täzelikler
62

Talyp ýaşlary milli ruhda terbiýelemek bilim ulgamynyň esasy wezipeleriniň
biridir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan şu
ýylyň aprel aýynyň 17-sine “Bir belent ykbal sen illere bedew” atly zehin bäsleşigi
gurnaldy. Bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewine bagyşlanan
kitaplary esasynda geçirildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary 19 sany ýokary okuw mekdebiň arasynda
II orna mynasyp boldular.