
Täzelikler
55

Şu günler Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde giň gerimli «Regional Eco Summit 2026 EXPO» sebit ekologiýa forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşyp, toparyň düzümine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary girdi. Ýaş hünärmenler howanyň üýtgemegi we ekologik bilim meseleleri boýunça nutuklar bilen çykyş etdiler, şeýle hem ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan «Howa gutujygy» we «Ýaşyl mekdepler» taslamalarynyň tejribesini sebit derejesinde ýaýratmagy teklip etdiler.
Forumyň çäklerinde «Merkezi Aziýanyň yklym liderligi: döwlet we işewürlik hyzmatdaşlygy» atly Merkezi Aziýa maslahaty hem geçirildi, onuň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň howandarlygynda çölleşmek meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen merkezi we yklym tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça merkezi döretmek baradaky başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini belläp geçdi.
Azat Ataýew ýurduň bilim ulgamyna «ýaşyl» endikleri we ekologik sowatlylygy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işler barada hem gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, Halkara zähmet guramasy, Ýewropa bilim gaznasy we Ýewropanyň hünär bilimini ösdürmek boýunça merkezi bilen bilelikde geçirilen forsaýt-barlaglarynyň netijeleri boýunça «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyldy we onda «ýaşyl» geçiş bilen baglanyşykly 13 sany täze hünär kesgitlenildi.