
Täzelikler
184

Her kimiň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak günleriň biri bolan 1-nji sentýabr golaýlap gelýär. Sahawatly güýz paslynyň ilkinji gününde täze — 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen çaga gülküsi, ýaşlaryň şadyýan sesleri ak mekdeplere dolar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň begenji, buýsanjy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna aýratyn şan berip, döwrümiziň bagtyýar ýaşlaryna uly şatlyk eçiler.
Göz guwanjymyz bolan bagtyýar çagalaryň, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň, ata-eneleriň gatnaşmagynda ýakynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin hem ajaýyp meýdança boldy. Kiçi ýaşly çagalara, mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän onlarça hususy kärhanalar bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýbölek» mebel fabrigi hem sergi-ýarmarka gatnaşyjylara täze harytlaryny hödürledi. «Aýbölegiň» köp adamly diwarlygy, esasan, körpe nesliň ünsüni özüne çekdi. Ejeleriniň elinden tutup, sergi-ýarmarkanyň täsinliklerine, täzeliklerine tomaşa edýän körpejeler özlerine örän tanyş bolan diwarlygyň deňinde aýak çekip, haýran galmak bilen synladylar. Çünki «Aýbölek» mebel fabriginiň diwarlygy döwrebap çagalar bagynyň otagynyň şekilini ýada saldy. Mebelleriň iň häzirki zaman görnüşleri ýerleşdirilen otagda oýna gyzygan şadyýan körpeler bu gözden geçirilişde şatlyk-şowhun bilen çagalar bagynyň hakyky bolşuny janlandyrdylar.
Ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň hatarynda mebel önümçiligini ýola goýan «Aýbölek» mebel fabrigine tejribeli telekeçi Meretmuhammet Täçmuhammedow ýolbaşçylyk edýär. Fabrigiň öz işine ussat hünärmenleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, iş otaglary üçin niýetlenen mebeller bilen birlikde, çagalar baglary, orta, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen mebelleriň hem 200-den gowrak görnüşi öndürilýär. Telekeçiler geçen okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim ojaklaryny zamanabap mebelleriň 5 müňden gowragy bilen üpjün etdiler. Täze — 2024-2025-nji okuw ýylynda bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda türkmen işewürleriniň öndüren önümleriniň sany 40 müňden geçdi. Olaryň hatarynda mekdep partasyndan başlap, egin-eşikler üçin niýetlenen şifonerler, stol-stullar, ýazgy tagtalary, umumy ýaşaýyş jaýlary üçin krowatlar, naharhana mebelleri bar. Bir ýylda gazanylan bu ýokary netije, önümçiligiň ep-esli artdyrylmagy fabrigiň hünärmenleriniň öňküden-de yhlasly işländiklerinden habar berýär.
— Güneşli Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä ýüzünde bellidir. Ýakynda geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bu hakykatyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Diwarlyklary bezän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler, okuw esbaplary, elektron harytlar ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, döwrebap bilim we terbiýe almaklary ugrunda edilýän bimöçber uly aladalaryň ajaýyp miwesi bolup şöhlelendi. Çagalar — ýaşaýyş-durmuşymyzyň bezegi. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşlere beslenmegi, röwşen geljegimiz ýaş nesliň döwrebap ylym-bilimine, asylly edepterbiýesine bagly. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim syýasatyny ösdürmekde amal eden bimöçber uly işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýýär.
Ekologik taýdan arassa, rahat hem ýeňil mebelleri öndürmek bilen, biz ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmagyna, çuňňur bilim we terbiýe almagyna goşant goşýandygymyza buýsanýarys. Önümlerimiziň diňe bir welaýat we etrap merkezlerindäki däl, eýsem, ýurdumyzyň gyrak-bujaklaryndaky obalaryň hem mekdeplerine, çagalar baglaryna çenli ýaýrap, täze okuw ýylynda ýaş nesliň hyzmatyna berilmegi göwnümize ganat bekleýär. Çagalaryň şatlyk-begenji, esasan hem, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döredýän amatly şertleri, giň mümkinçilikleri bizi öňküden-de döredijilikli, ýokary öndürijilikli işlere ruhlandyrýar — diýip, «Aýbölek» mebel fabriginiň ýolbaşçysy Meretmuhammet Täçmuhammedow gürrüň berýär.
Şol amatly şertlerden, giň mümkinçiliklerden peýdalanýan işewürler dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürip, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly meşhurlyga eýe bolýarlar. Gazagystan Respublikasy bilen ýola goýlan söwdaişewürlik hyzmatdaşlygynyň netijesinde «Aýbölek» mebel fabriginiň önümleriniň doganlyk ýurduň Al-Faraby adyndaky gazak milli uniwersitetiniň täze binasyny bezändigi barada öň ýazypdyk. Bilim beriş derejesi boýunça dünýäde öňdeligi eýeläp gelýän ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan gazak milli uniwersitetiniň talyplarynyň indi bir ýyl bäri, Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli harytlaryň hyzmatyndan peýdalanýandygy baradaky hakykat ýüreklerde çäksiz buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä döwletleri bilen işjeň ösdürilýän söwda-işewürlik gatnaşyklary «Aýbölek» mebel fabriginiň daşarky bazardaky ornunyň öňküden-de giňemegine ýol açar.
Keýik UMAROWA.
“Türkmenistan”
27.08.2024ý. №216