
Täzelikler
117

Diller bilen sungat adamzat ruhunyň iň çuň syrly dünýälerini açýar. Aýdym-saz, şygryýet we şekillendiriş sungaty dilleriň gözelligini has-da baýlaşdyrýar. Şonuň üçin dil we sungat biri-biri bilen berk bagly bolup, adam ruhuny baýlaşdyrýar.
2026-nji ýylyň aprel aýynyň 20-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Aýjemal Allaşaýewa, Beghan Annasähedow we Merjen Taýyrowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Diller bilen sungatyň syrly dünýäsi” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.