
Täzelikler
101

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly, kämil nesil bolup ýetişmekleri ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň guramagynda 2026-nji ýylyň 20-njy aprelinde “Okatmagyň innowasion usullary daşary ýurt dili sapaklara ornaşdyrmak” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda “Diller” kafedrasynyň mugallymy B.Annanepesowa “Teaching and learning Lexis with the help of dictionaries” tema bilen, mugallym-öwreniji S.Gulmadowa “Трансформация прагматических функции знаков препинания в мессенджерах на примере финальной точки”atly tema bilen çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda mugallymlar tarapyndan birnäçe teklipler öňe sürüldi.