
Täzelikler
56

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Sanly ugam arkaly geçirilen ylmy-amaly maslahatyň işi «Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramakda halkara hyzmatdaşlygyň orny», «Halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň meseleleri» atly bölümçeleriň üçüsinde alnyp baryldy.
Halkara ylmy-amaly maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Italiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Namibiýanyň, Ruandanyň, Tanzaniýanyň we Türkmenistanyň professorlary gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň bölümçelerinde dünýäde möhüm meseleleriň biri bolan medeni mirasy öwrenmekde hem-de goramakda halkara hyzmatdaşlygynda alnyp barylýan işlerde oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alynýandygy barada ylmy nutuklar diňlenildi. Çykyşlarda daşary ýurtly professor-mugallymlar, alymlar wekilçilik edýän ýurtlarynda bu ugurda alyp barýan işleri we tagallalary birleşdirmek bilen öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.
Forumdan soň bilelikdäki ylmy gözleg we bilim maksatnamalaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminama kabul edildi.