
Täzelikler
60

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirdi.
“Açyk gapylar” gününde ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyryldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti