
Täzelikler
62

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriň arasynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen uniwersitetde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň rektory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleri, kafedralary we onda bilim berilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary hem-de uniwersitetiň ýeten sepgitleri bilen duşuşyga gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ýaş nesile ylmyň-bilimiň soňky gazananlaryny okuw we ylym işlerine ornaşdyrmak boýunça yzygiderli tagallalaryň edilýändigini hem-de Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda uniwersitetde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn okuwlaryny geçirilýändigini hem-de Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde uniwersitetimiziň talyplary üçin tomusky önümçilik tejribeliklerine yzygiderli gatnaşýandyklaryny aýtdy.
2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça dördünji Ähtnama bolup durýar.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň işgärleri dolandyryş bölüminiň başlygy Rukayah Bt Samuddin “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Malaýziýada we Aziýada inžener ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygyny belläp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyga gyzyklanma bildirip, bilelikde ylmy temalar boýunça ylmy işleri alyp barmaklygy, ylmy makalalary ýazmaklygy we olary halkara indekslenýän ylmy žurnallarda çap etmeklikde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy. Wekil Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň onlaýn we gatnaşylyp geçirilýän okuwlarynyň dowam etdiriljekdigini habar berdi. Duşuşygyň soňunda myhmanlar uniwersitetiň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti