
Täzelikler
52

Onlaýn maslahatyň dowamynda 22-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Ylalaşygyň çäklerinde ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki işler göz öňünde tutulýar. Muňa mugallymlary we talyplary alyşmak, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak, iki ýokary okuw mekdebiniň professorlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de uniwersitetlerde geçirilýän halkara çärelere özara gatnaşmak girýär.
Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio uniwersiteti türkmen ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň biridir we Italiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär.