
Täzelikler
58

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen şanly ýylda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uly ruhubelentlikde medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi. “Türkmeniň milli mirasy we buýsanjy bedew” ady bilen geçirilen bu aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny, atçylyk medeniýetini we ýaş nesle geçirilýän mirasy wasp etdi.
Baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlikde açylyp, onda türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri arzyly gymmatlyklarynyň biri bolan bedew atlaryna bolan söýgi, hormat we buýsanç aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan ahalteke bedewleri baradaky çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň çäginde uniwersitetiň “Gara Altyn” çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirmeginde dürli aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. Halk aýdymlary, milli sazlar we häzirki zaman öwüşginli döredijilik çykyşlary utgaşykly ýerine ýetirilip, baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Sahna çykyşlarynda türkmen bedewiniň waspy, onuň gözelligi, çydamlylygy we türkmen halkynyň durmuşyndaky aýratyn orny aýdyň şöhlelendirildi.
Şeýle hem çärede milli senetçilige we hünärmentlige bagyşlanan sergi guralyp, onda türkmen el işleriniň dürli nusgalary, bezeg sungaty we gadymy däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde dowam etdirilişi görkezildi. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ýakyndan synlap, ata-babalarymyzdan miras galan sungata uly gyzyklanma bildirdiler.
Bu çäre diňe bir baýramçylyk däl-de, eýsem ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny berkitmäge, milli gymmatlyklarymyzy sarpalamaga we ösdürmäge gönükdirilen ähmiýetli medeni çäre hökmünde aýratyn bellendi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti