
Täzelikler
59

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ylym we tehnologiýa ulgamy täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we zehinli ýaşlary goldamak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 9-11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli "Zehin, Innowasiýa, Ösüş" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär.
On ýylyň dowamynda uniwersitetimiz ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary hünärli inženerleriň we ylmy barlaglaryň merkezine öwrüldi. Bu halkara maslahat geçen ýoluň netijelerini jemlemek we geljekki ösüşleriň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm ylmy meýdança bolup hyzmat eder.
Maslahata gatnaşmagyň şertleri:
Maslahat utgaşykly görnüşde (gönüden-göni gatnaşmak we onlaýn aragatnaşyk arkaly) geçiriler. Maslahata gatnaşmak isleýänler öz ylmy makalalaryny we tezislerini degişli goşundyda görkezilen talaplara laýyklykda taýýarlap, 2026-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli etut.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler.
Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar we olar çap edilmeýär.
Möhüm seneler:
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: 100-nji jaý, Taslama köçesi, Aşgabat şäheri.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 63 828068.