
Täzelikler
49

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini nazara almak bilen, hünäre ugrukdyrmak meselesine aýratyn üns bermeli diýip beren tabşyrygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 23-ne “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk ugry boýunça “Zyýanly programma üpjünçilikler we olardan goranmagyň usullary” ady bilen gelýän göçme okuw sapagyny geçirdi. Göçme okuw sapagynyň geçirilmeginiň esasy maksady, geljegimiz bolan ýaş nesliň häzirki zaman sanly dünýäsinde kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini düýpli kämilleşdirmekden ybaratdyr. Okuwçylara diňe bir tehnologiýalary ulanmagy däl, eýsem şol tehnologiýalaryň getirip biljek töwekgelçiliklerini dogry seljermegi öwretmek göz öňünde tutuldy. Okuw sapagynyň dowamynda okuwçylaryň amaly ukyplaryny ösdürmäge, olarda sanly giňişlikde şahsy maglumatlaryň gizlinligini saklamak medeniýetini kemala getirmäge hem-de kiberhüjümlere garşy durmak ukybyny güýçlendirmäge aýratyn üns berildi. Bu bolsa öz gezeginde jemgyýetde umumy sanly howpsuzlyk derejesiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.
Mugallym öz çykyşynda diňe bir howplar barada däl, eýsem olardan goranmagyň iň netijeli amaly usullary barada hem durup geçdi. Hususan-da, kompýuterlerde we ykjam enjamlarda antiwirus programmalarynyň elmydama täzelenip durulmalydygy, güýçli we gaýtalanmaýan parollary ulanmagyň zerurlygy bellenildi. Okuw sapagynyň ahyrynda okuwçylar özlerini gyzyklandyran soraglar bilen mugallyma ýüzlenip, kiberhowpsuzlygyň häzirki zaman meseleleri barada pikir alyşdylar, bu bolsa geçilen mowzugyň has-da gowy özleşdirilmegine ýardam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bilim ulgamy täze belentliklere göterilýär. Şeýle göçme sapaklar ýaşlaryň innowasiýalara bolan höwesini oýaryp, ýurdumyzyň ösüşine, sanly ulgam babatynda gazanyljak belent sepgitlerine goşant goşjak giň dünýägaraýyşly ökde hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam eder.