
Täzelikler
43

24-nji aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly III halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň guramagynda geçirilen forumyň gün tertibine dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwürdäki möhüm ugurlary, durnukly ösüş we maliýe bazarlarynyň häzirki zaman meýilleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Pakistanyň, Wýetnamyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň ylym-bilim merkezleriniň, halkara maliýe guramalarynyň we iri pul gaznalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Halkara pul gaznasynyň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebit merkeziniň direktory Holger Florkemaýer wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi. Ol ykdysadyýetiň ösmeginde, maýalaryň netijeli paýlanmagynyň, ykdysady ösüşiň durnuklylygynyň üpjün edilmeginde maliýe bazarlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Myhman her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini nygtady.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni öz çykyşynda orta girdejili ykdysadyýetlerde maliýe ösüşiniň möhüm ornuna ünsi çekdi.
Halkara forumyň dowamynda çykyş eden türkmenistanly wekiller ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmekde dünýä döwletlerinde ileri tutulýan ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Umumy mejlisden soň maslahat öz işini «Maliýe bazarlary we durnukly ykdysady ösüş», «Maliýe bazarlaryny ösdürmekde banklaryň orny», «Maliýe bazarlary we maýa goýum işjeňligi» atly bölümçelerde dowam etdi.
Maslahat bilen ugurdaşlykda ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda sergi hem guraldy. Onda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň, hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýeten sepgitleri hem-de gazanan üstünlikleri görkezildi.