
Täzelikler
65

21-22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Moskwa şäherinde saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň çäklerinde Gülşat Ýusupowanyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (MGIMO) rektory Anatoliý Torkunow hem-de halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Andreý Suşensow bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda bilim edaralarynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary talyplary we mugallymlary yzygiderli alyşmagyň, halkara gatnaşyklar we energetika diplomatiýasy boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmegiň, şeýle hem talyplary halkara we jemgyýetçilik-diplomatik işlere çekmäge gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge hem-de ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylmy-barlag we halkara mümkinçiliklerini nazara alýan hyzmatdaşlygyň gün tertibini işläp düzmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.