
Täzelikler
39

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan möhüm işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň VI synpy üçin “Pars dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa, A.Aşyrowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby döwrebaplygy bilen tapawutlanýar, ol okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, pars dilini öwrenmekde nobatda ädim bolup hyzmat edýär.
Okuw kitabynyň başynda V synpda geçilenleri gaýtalamaga degişli gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Soňra goşmaça belgiler, görkezme çalyşmalary, meniň maşgalam, at çalyşmlary, habarlyk goşulmalary, sorag sözlemleri, sanlaryň okalyşy we ýazuw dügzni, reňkler, tarap aňladýan sözler, pasyl, aý, hepde, goşgular, biziň mekdebimiz, degişli işligiň şahsda we sanda üýtgeýşi, miweler, gepleşik, Türkmenistan, kär atlary, orun aňladýan sözler bilen baglanyşykly sapaklarda okuwçylara ýetirilmeli esasy maglumatlar beýan edilýär. Okuw kitabynyň ahyrky sahypalarynda goşmaça okamak üçin tekstleriň we sözlügiň ýerleşdirilmegi kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Okuw kitabynda özleşdirilýän temalaryň mazmuny bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar bolsa kitabyň bezeg işiniň döwrebaplygyny görkezýär.
Bu okuw kitaby okuwçylarda pars dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny çuňňur öwrenmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi