
Täzelikler
39

Bilim – ähli rowaçlyklaryň gözbaşy. Bilmegiň, düşünmegiň, öwrenmegiň hem-de netijeli sagdyn pikirlenmegiň özboluşly logikasyndan başlanýan düşünjeler ýaş nesliň il-güne, Watana wepaly bolmagyny, umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen işleri ilerletmäge gatnaşmaklaryny gazanmaga ýardam edýär. Bilimli we başarnykly ýaşlary kemala getirmekde ýurdumyzda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn tagallalar amala aşyrylýar.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän tebigy ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň VII synpy üçin «Biologiýa (Ösümlikler, bakteriýalar, kömelekler, lişaýnikler)» okuw kitaby (awtorlary: M.Akyýewa, P.Kepbanow, B.Annadurdyýewa, O.Rejepalyýewa, Ý.Atajanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby «Ösümlikleriň ýaşaýyş işjeňliginde bolup geçýän esasy hadysalar», «Ösümlikleriň esasy bölümleri», «Ýapyk tohumly ýa-da gülli ösümlikleriň köpdürlüligi», «Oba hojalyk ekinleri», «Türkmenistanyň käbir peýdaly ösümlikleri», «Ýer ýüzünde ösümlik dünýäsiniň ösüşi», «Ösümlikler we daşky gurşaw», «Bakteriýalar. Kömelekler. Lişaýnikler» atly baplardan, jemi 88 sany temadan, her tema degişli soraglardan we ýumuşlardan ybarat.
Daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda alnyp barylýan asylly işleri, ösümlikleriň ýaşaýyş işjeňliginde bolup geçýän esasy hadysalary, ösümlikleriň esasy bölümleri, gülli ösümlikleriň köpdürlüligi, oba hojalyk ekinleriniň birnäçe görnüşleri, Türkmenistanda ösýän dermanlyk, iýmitlik, boýag berýän we beýleki peýdaly ösümlikleriň käbir görnüşleri bilen ýakyndan tanyşmakda, şeýle hem Ýer ýüzünde ösümlik dünýäsiniň gelip çykyşy, ösüşi, ösümliklere daşky gurşawyň, adamlaryň ýetirýän täsiri, ösümlik toparlanmalary we olaryň gurluşy, özgerişi, ýaýraýşy baradaky maglumatlary öwrenmekde bu okuw kitabynda beýan edilýän giňişleýin maglumatlar biologiýa bilen baglanyşykly bu we beýleki dürli meselelere içgin düşünmäge, çuňňur öwrenmäge ýakyndan ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi