
Täzelikler
40

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Öňe barýar günlerimiz, bedewleriň bady bilen» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.Maslahatyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy bilen baglanşykly, 2026-njy ýylyň nyşanyndaky her bir şekiliň many-mazmuny barada, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagşanyşykly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty