
Täzelikler
406

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige uniwersitetde hereket edýän bäş fakultetiň öňdebaryjy talyp ýigitleri saýlanyp, olar öz arasynda bäsleşigiň düzgünnamasynda bellenilen şertler esasynda bäsleşdiler. Bäsleşige “Kiberfiziki ulgamlar” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Myradow Serdar, “Innowasiýalaryň ykdysadyýeti” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şamyradow Öwez, “Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurgeldiýew Döwlet, “Biotehnologiýa we ekologiýa” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merdandurdyýew Döwlet we “Himiki we nanotehnologiýalar” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gowalow Ýusup gatnaşdylar. Talyp ýigitlerleriň çykyşlaryna baha bermek üçin ýurdumyzyň tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.
Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady ýaşlara ata-babalarymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetlerini nesillerden-nesillere geçirmek, halkymyzyň milli ruhy-edebi mirasyny öwrenmek, ruhy ahlak gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerimizi ýaýbaňlandyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen dürli hünärlerde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda türkmeniň baý edebi mirasyna, edep-ekrama, millilige, öwüt-ündewe ýugrulan milliligimizi aýan etmekden ybaratdyr.
Çekeleşikli geçen döredijilik bäsleşiginde “Kiberfiziki ulgamlar” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Myradow Serdar “Baş baýraga” mynasyp bolup, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzda ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.