
Täzelikler
372

Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary 19 — 24-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 48-nji halkara çagalar festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasy (TRT) tarapyndan guralan festiwala dünýäniň 27 ýurdundan çagalar toparlary gatnaşdy.
Türkiýede her ýyl geçirilýän festiwal bu gezek Ýewropadan Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Serbiýa, Albaniýa, Estoniýa, Makedoniýa, Ukraina, Moldowa, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Aziýa yklymyndan Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Mongoliýa, Pakistan, Yrak, Siriýa, Palestina, Amerikadan we Afrikadan Wenesuela, Marokko, Keniýa, Gana ýaly ýurtlaryň iň saýlama çagalar döredijilik toparlaryny bir ýere jemledi.
Festiwalyň dabaraly gala konsertine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we doganlyk döwletiň beýleki resmi adamlarynyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Halkara festiwalda Watanymyza wekilçilik eden «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň zehinli çagalary joşgunly çykyşlary bilen çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar. Olaryň ajaýyp çykyşlary Türkmenistanda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, şol sanda medeniýet we sungat ugurlary boýunça öz ukyplaryny görkezmekleri hem-de zehinini açmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Uly sahna çykan ýaşajyk zehinlerimiz türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryndan gözbaş alýan milli öwüşginli tans kompozisiýalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Milli lybaslarda çykyş eden ýurdumyzyň çagalar toparynyň çykyşlary dowamly el çarpyşmalara beslendi.
Halkara festiwala gatnaşan ähli döredijilik toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren jemleýji çykyşy adamzadyň ýagty geljegi, çagalaryň abadançylygy üçin ählumumy tagallalara çagyryş bolup ýaňlandy.
Festiwalyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň çagalar topary Ankara şäheriniň taryhy ýerlerine baryp gördüler, şol sanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine zyýarat etdiler.
— 27 ýurduň çagalaryny bir sahna jemlän festiwalyň jemleýji taýýarlyk çäresinde alypbaryjy «Iň gowy çykyş haýsy ýurduňky?» diýip soranda, «Türkmenistan» diýen jogabyň beýlekilerden has joşgunly ýaňlanmagy biziň üçin aýratyn buýsandyryjy boldy. Munuň özi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýäde islendik tomaşaçyny haýran galdyryp bilýändiginiň güwäsidir. Germaniýa Federatiw Respublikasy, Marokko Patyşalygy ýaly döwletlere wekilçilik eden kärdeşlerimiz bolsa «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparyny öz ýurtlarynda geçiriljek festiwallara gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdylar — diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmeni Magtymguly Annagylyjow «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýdýar.