
Täzelikler
89

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan halkara duşuşyga gatnaşdylar. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy bilen bilelikde sanly ulgam arkaly guralan bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berildi.
Utgaşykly görnüşde alnyp barlan bu maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Rumyniýanyň Buharest oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň hem-de «Ion Ionescu de la Brad» Ýassy tebigy ylymlar uniwersitetiniň bilermenleri hem goşuldylar. Şeýle-de duşuşyga rumyniýaly atçylyk hünärmenleri işjeň gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, türkmen bedewiniň dünýä ýüzündäki şöhraty we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri barada gyzykly söhbetdeşlikler boldy. Gatnaşyjylar atçylyk pudagyny durnukly ösdürmek, weterinariýa ylmy, oba hojalygy we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky tejribe alyşmalar ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellesek, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň degişli uniwersitetiniň arasynda 2017-nji ýylda gol çekilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny düzýär. Şu resminamanyň çäklerinde taraplar bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirýärler.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar ylym-bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyny ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler. Söhbetdeşlik gyzykly sorag-jogap alyşmalary bilen jemlendi.