
Täzelikler
54

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça 200-e golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
«Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary» ugry boýunça ýaşlar hyzmatlar pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürledi. «Robototehnika» ugrunda bolsa olaryň robotlary 2,5 minudyň dowamynda şarlary ýygnap, ýörite gaplara ýerleşdirmäge synanyşdy. Şol bir wagtyň özünde, ýokary synp okuwçylary «Erjeller kodlaýar» bäsleşiginiň çäklerinde Scratch programmirleme dilinde taýýarlan öz taslama oýunlaryny we goşundylaryny tanyşdyrdy. Ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin açyk bolan «BattleBots» robotlaryň söweşi bäsleşigiň iň gyzykly tapgyrlarynyň birine öwrüldi.
Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, birinji orunlary şu aşakdakylar eýeledi:
«Robototehnika» ugry boýunça iň oňat netije görkezen bäş gatnaşyjy «First Global Challenge — 2026» dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazandy.
Dabaranyň ahyrynda ýeňijiler Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.