
Täzelikler
60

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bilim bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli guraldy. Çäre tebigy we takyk ylmy ugurlary ösdürmek hem-de sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek strategiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berildi.
Olimpiada 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda şahsy bäsleşik görnüşinde üç tapgyrda geçirildi. Aprel aýynyň başynda etrap we şäher derejesinde başlanan ilkinji tapgyrda iň oňat netije görkezen ýaşlar ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. 15-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan ikinji tapgyrda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zehinli okuwçylar sanly ulgam arkaly öz bilim derejelerini görkezdiler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry uniwersitetiň kitaphanasynda geçirildi. Gatnaşyjylara matematika we fizika dersleri boýunça çylşyrymly 7 sany mesele hödürlenip, olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça iň ýokary netije görkezen okuwçylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Olimpiadanyň ýeňijileri guraýjylar tarapyndan Diplom we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Bu ders bäsleşigi ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we geljekki hünär saýlawynda möhüm ähmiýete eýe boldy.