
Täzelikler
50

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde her hepdäniň şenbe güni «Ylymlar güni» atly çäreleri guramak däbe öwrüldi. Bu duşuşyklara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň wekilleri, şeýle hem TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkeziniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berildi.
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň guramagynda mart we aprel aýlarynda geçirilen maslahatlarda häzirki zamanyň möhüm ugurlaryna seredildi. Hususan-da, halkara bazarlara çykyş, eksportyň esaslary, marketing, brending, oba hojalygyndaky ykdysady meseleler we täze nesil žurnalistikasy ýaly temalar boýunça gyzykly çykyşlar diňlenildi.
Bu duşuşyklar maglumatlar jemgyýetinde sanly ulgamyň we ösen tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenmekde talyplar üçin uly mekdep bolup hyzmat edýär. Şeýle-de çäräniň dowamynda ýaşlar telekeçiligi barada giňişleýin gürrüň edilip, professor-mugallymlar we talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça özara tejribe alyşýarlar.