
Täzelikler
321

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, aspirantlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar ahalteke atlarynyň gözelligini, sirk sungatyny we atly sportuň ösüşini görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Sergide atçylyk pudagyna degişli gymmatlyklar, seýisçilik sungaty baradaky täze neşirler we okuw edebiýatlary köpçülige hödürlendi.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk pudagynyň gazanan üstünliklerine aýratyn orun berildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere bagyşlanan eserlerine esaslanyp, ahalteke atlarynyň taryhy ähmiýeti, olaryň sungatdaky keşbi we ylmy esasda seýislenişi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Ylmy duşuşygyň dowamynda ussat seýis Aba Annaýewiň baý tejribesi, atlary idetmegiň we bejermegiň dünýä derejesindäki usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Çäre birnäçe bölümler boýunça dowam edip, onda Arkadag şäheriniň atçylyk merkezi hökmündäki orny, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işleri we oba hojalyk ylmynyň ösüşi barada pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk bilen gutlap, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna atçylyk sungatyny ösdürmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk bildirdiler.