
Täzelikler
114

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 15 — 23-nji aprel aralygynda Moskwada geçirilen himiýa boýunça 60-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasynda (HMO) üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Abraýly bäsleşige dünýäniň 37 ýurdundan 200-e golaý zehinli okuwçy gatnaşdy. Okuwçylar nazary bilimlerde we amaly laboratoriýa endiklerinde bäsleşdiler.
Dartgynly ýaryşlaryň netijeleri boýunça türkmenistanly okuwçylar milli üstünlikleriň hazynasyny dört baýrak bilen baýlaşdyrdylar. Rüstem Jumaýew we Diýar Döwletow kümüş medallara mynasyp boldular, Aýlar Orunowa bilen Pälwan Ilmämmedow bolsa bürünç medallary gazandylar.