
Täzelikler
747

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň çäklerinde, 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde pedagoglaryň hünär ösüşine bagyşlanan DARYA SCAFFOLD atly üç günlük halkara okuw-seminary öz işine başlady we häzirki wagtda dowam edýär.
Bu halkara çäre 27–29-njy aprel aralygynda geçirilip, pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw prosesini döwrebaplaşdyrmak hem-de netijeli bilim çemeleşmelerini ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanýar.
Bu okuw-seminar Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bilim Gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan DARYA başlangyjynyň çäklerinde guralyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekillerini birleşdirýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti hem bu halkara çärä işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz tarapyndan 8 sany wekilden ybarat topar gatnaşyp, olaryň düzümine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, pedagogik we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary girýär.
Okuw-seminaryň dowamynda gatnaşyjylar SCAFFOLD atly innowasion gural arkaly pedagoglaryň hünär ösüşini meýilleşdirmek, guramak we bahalandyrmak boýunça amaly başarnyklary ösdürýärler.
Üç günläp dowam edýän maksatnama interaktiw okuw sapaklaryny, toparlaýyn işlerini we tejribe alyşmagy öz içine alyp, gatnaşyjylara milli bilim ulgamlaryna laýyklykda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Seminaryň netijesinde gatnaşyjylar tarapyndan pedagoglaryň hünär ösüşine degişli täze okuw taslamalary, baha beriş gurallary we amaly hereket meýilnamalary işlenip taýýarlanar.
Bu halkara çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ösdürmäge gönükdirilen möhüm hyzmatdaşlyk platformasy bolup çykyş edýär.