
Täzelikler
691

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 20-sinden aprel aýynyň 25-i aralygynda Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebinde ýylyň şygaryna, bedew atlarymyza bagyşlanyp “Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk – Watanymyzyň goşa ganaty” atly kitaphana hepdeligi geçirildi.
Çäräniň başynda 11-12-nji synp okuwçylary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlgygy Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy wasp edýän goşgularyny uly joşgun bilen labyzly ýatdan okap berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedew atlarymyza bagyşlap ýazan kitaplary barada söhbet edildi. “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitapdan parçalar okaldy. Çäräniň dowamynda 8-nji, 11-12-nji synp okuwçylary bedew atlar hakyndaky, bilim, durmuş bilen baglanyşykly nakyllary, behişdi bedewler hakyndaky atalar sözlerini, nakyllaryny aýdyp, olara degişli düşündiriş berdiler. Çäräniň dowamynda 6-njy “F” synp okuwçysy Suraý Amanowa skripka saz guralynda hem-de 7-nji “E” synp okuwçysy Elnur Ganiýew dep saz guralynda ajaýyp şowhunly sazlary ýerine ýetridiler. Edebiýaty söýüji, kitaphananyň işjeň okyjylary mekdebimiziň ýaş zehinleri 8-nji “A” synp okuwçylary Zeýnep Annamyradowa öz ýazan hekaýasyny, Altyngözel Amansähedowa bolsa öz düzen goşgusyny okap berdiler.
Bu çäräniň çäginde edebiýat agşamyna mekdebiň ökde suratkeş okuwçylary hem gatnaşdylar. 11-nji “B” synp okuwçysy Alypälwan Hudaýberenow, 8-nji “A” synp okuwçylary Remezan Aşyrow, Öwezjan Çaryýew çäräniň dowamynda Watana bolan söýgülerini beýan ediji ýylymyzyň şygaryna bagyşlanan suratlary çekdiler.
Şeýle-de çäräniň dowamynda gyzykly, täsin rebuslar hem çözüldi. Edebi çäräniň ahyrynda Watanymyzy wasp edýän “Türkmenistan” diýen aýdymy hemmeler bilelikde şadyýan ýerine ýetirdiler.
Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda türkmen halky dünýä siwilizasiýasyna uly goşant goşupdyr. Olardan naýbaşysy ady rowaýata öwrülen türkmen bedewleridir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan türkmen bedewleriniň ýyndamlykda, owadanlykda, uzak ýörişlere çydamlylykda deňi-taýy bolmandyr.
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklara uzaýan gadymy taryhynda ömürlik yz goýan gamyşgulak bedewlerimiz hazirki döwrümiziň ösüşleriniň özboluşly nyşanyna öwrülip, olar naýbaşy gymmatlyk hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Behişdi bedewlerimiz irki döwürlerden bäri halkymyzyň ýakyn ýarany bolup, olara döwletliligiň, bagtyýarlygyň, täsinligiň nyşany hökmünde garalýar.
Taryhy çeşmelerde, edebi mirasymyzda hem bedewleriň waspynyň ýetirilendigini, olar barada rowaýatlaryň, nakyllaryň, pähimleriň döredilendigini bellemek gerek. Ajaýyp ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň taryhynyň çeper beýany bolmak bilen, nesilden-nesle geçirilip gelnen atalar sözlerinde, nakyllarda ýigidiň ýoldaşy hökmünde suratlandyrylypdyr. Bedew atlaryň waspyny diňe bir edebi eserlerde, nusgawy edebiýatda däl, eýsem, zergärçilik sungatynda hem görmek bolýar. Bedewlerimiziň dürli görnüşli bezeg şaýlary-da, at esbaplary-da köp bolup, olar atlara bolan buýsanjyň aýdyň nyşanlarydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns berlip, olary dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki her bir halky dünýä tanadýan, tapawutlandyrýan aýratynlyklar millilikde jemlenendir. Beýik ösüş-özgerişlerimiziň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz hem halkymyzyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Ahalteke bedewlerimiz Watanymyzyň şan-şöhratydyr. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarmyzyň ösüşleri her birimizi buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Goý, gymmatlyklarymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Dana Gahrymanlar – dilde dessanym,
Ýaňlanýandyr munda bagtyň mukamy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym –
Bedew batly at-myradyň mekany.
Güljeren Çopanowa,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy