
Täzelikler
129

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdepde etrabyň iňlis dili mugallymlarynyň arasynda «Iň gowy usuly gollanma» atly bäsleşik geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bäsleşige gatnaşan mugallymlar emin agzalaryna iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullary, interaktiw oýunlar, sanly platformalaryň sapaklarda ulanylyşy, şeýle-de iňlis diliniň grammatikasy, söz baýlygy, diňläp düşünmek we gepleşik ukyplary boýunça özleriniň taýýarlan usuly gollanmalaryny hödürlediler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn saýlanan mugallymlara etrap bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.