
Täzelikler
716

Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki döwletler bilen birlikde dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurup, ählumumy parahatçylygyň, dostlukly ykdysady ösüşiň berkemegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň 21-22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynda iş saparynda boldy.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň halklarynyň taryhy-medeni umumylygy, söwda we gumanitar ulgamlaryndaky köp asyrlyk hyzmatdaşlygyň däpleri, şeýle-de parahatçylyk, ylalaşyk we sosial ösüş üçin edilýän tagallalar iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň esasy bolup durýar. Gazagystan – baý taryhly we medeni geçmişli döwlet.
Saparyň dowamynda döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan halkara resminamalar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýadynyň esasy hökmünde hyzmat edýär.
Bu sapar halkara arenasynda döwletleriň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine, pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykardy.
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna saparynyň ähmiýeti dogrusynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti