
Täzelikler
531

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan möhüm işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň V synpy üçin “Fransuz dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: G.Amanowa, T.Atdaýewa, O.Gazakowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby döwrebaplygy bilen tapawutlanýar, ol okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, fransuz dilini öwrenmekde nobatdaky ädim bolup hyzmat edýär.
Okuw kitaby bäş bölümden ybarat: “Meniň maşgalam we men”, “Men we daş-töweregim”, “Men we jemgyýet”, “Men we meniň Watanym”, “Men we tebigat” atly bölümler ýerleşdirilipdir. Okuw kitabynda her bölümiň temasyna gabat gelýän tekstler, dialoglar, gönükmeler, grammatika boýunça maglumatlar berlipdir hem-de degişli suratlar arkaly bezelipdir.
Okuw kitabynyň başynda ozalky geçilenleri gaýtalamaga degişli gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Soňra goşmaça belgiler, görkezme çalyşmalary, meniň maşgalam, at çalyşmlary, habarlyk goşulmalary, sorag sözlemleri, sanlaryň okalyşy we ýazuw düzgüni, reňkler, tarap aňladýan sözler, pasyl, aý, hepde, goşgular, biziň mekdebimiz, degişli işligiň şahsda we sanda üýtgeýşi, miweler, gepleşik, Türkmenistan, kär atlary, orun aňladýan sözler bilen baglanyşykly sapaklarda okuwçylara ýetirilmeli esasy maglumatlar beýan edilýär.
Bu okuw kitaby okuwçylarda fransuz dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny çuňňur öwrenmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi