
Täzelikler
541

2026-njy ýylyň şygary bolan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni uly dabaralara beslener. Şulardan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini yglan edýär.
Bu bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de talyplaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Çäre talyplaryň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly möhüm meseleler boýunça ylmy gözleglerini höweslendirip, täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam eder.
Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler we oňa türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde gatnaşyp bolar. Birinji tapgyra gatnaşmak isleýän talyplar öz ylmy-taslama işleriniň ýazgylaryny 2026-njy ýylyň 10-njy maýyna çenli science.tm2024@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Eminler tarapyndan saýlanan iň gowy işleriň sanawy 20-nji maýda uniwersitetiň resmi saýtynda çap ediler.
Ikinji tapgyr 2026-njy ýylyň 1 — 5-nji iýuny aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilip, onda saýlama tapgyrdan geçen talyplar öz taslamalaryny Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde tanyşdyryş arkaly gorarlar. Taslama işleri ylmy esaslara daýanmaly, tejribe maglumatlaryny özünde jemlemeli we 15-20 sahypa aralygynda bolmaly.
Bäsleşik alty sany esasy ugur boýunça geçiriler: açlygy ýok etmek we azyk howpsuzlygy, arassa suw we sanitariýa, elýeterli energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňiz we gury ýer ekologiki ulgamlaryny gorap saklamak. Bu ugurlar Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär we ýaş alymlara öz ukyplaryny görkezmäge giň mümkinçilik döredýär.
Bäsleşigiň netijeleri toplanan ballaryň esasynda jemlener we her ugur boýunça I, II hem-de III orunlary eýelän ýeňijiler kesgitlener. Ýeňijilere S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan degişli derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.