
Täzelikler
584

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça il-ýurt bähbitli uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär, okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanylýar hem-de yzygider neşir edilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan V synpy üçin “Hojalyk-durmuş zähmeti” okuw kitaby(awtorlary: A.Ýegenowa, A.Hojaýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby ösüp gelýän ýaş nesle bilim bermegi, öý hojalyk işlerinde, durmuşda zerur bolan başarnyklary, endikleri öwretmegi we zähmete söýgi döretmegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerine laýyklykda, orta mekdepleriň V synpy üçin taýýarlanylan okuw kitabynda başlangyç synplarda öwrenilenleri durmuş zähmetinde çuňlaşdyrmak bilen bir hatarda durmuşda, öý hojalygynda zerur bolan başarnyklar barada umumy düşünjeleri, tejribe we amaly işler bilen berkitmek göz öňünde tutulypdyr.
Okuw kitaby zähmete hormat goýmak, ahlak taýdan kämil şahsyýeti terbiýelemek hem-de okuwçylary maşgala we jemgyýet durmuşyna taýýarlamagy hem maksat edinýär. Umuman, bu okuw kitaby nazary bilimleri amaly başarnyklar bilen utgaşdyryp, okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam berýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi