
Täzelikler
650

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, sagdyn pikirli, maksada okgunly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek iň möhüm wezipeleriň biri hökmünde orta çykýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolan köpýyllyk işleriniň dowamydyr. Şunda abadan we döredijilikli durmuşyň binýady hökmünde ýaşlaryň ylym-bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Edebiýat» okuw kitaby (awtorlary: G.Sahatowa, O.Durdyýewa, M.Goşaýewa, A.Annamyradowa, A.Begmyradowa, G.Orazgylyjowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby girişden, türkmen edebiýaty XX asyryň 60 – 80-nji ýyllarynda, türkmen dramaturgiýasynyň ösüşi, türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi, türkmenistanly rus ýazyjylarynyň döredijiligi, türkmen edebiýatynda çeper terjime, edebiýaty öwreniş ylmy we edebi tankyt, Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty, dünýä edebiýatyndan nusgalar, dünýä edebiýatynda türkmen temasy ýaly esasy bölümlerden ybarat bolup, olarda okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli möhüm maglumatlar beýan edilipdir.
Türkmen edebiýaty XX asyryň 60–80-nji ýyllarynda bölümine degişli Berdinazar Hudaýnazarow (ýazyjy-şahyryň goşgulary we poemalary, kyssa eserleri, «Gumlular» romany), edebiýat teoriýasy, Kerim Gurbannepesow (şahyryň goşgulary, poemalary, «Gumdan tapylan ýürek» poemasy), Naryman Jumaýew (ýazyjynyň uruş temasyndan ýazan eserleri, «Ýuwaş gelin» powesti), Täşli Gurbanow (ýazyjynyň powestleri, «Mahmal bägül» nowellasy), edebiýat teoriýasy,
Gurbannazar Ezizow (şygryýeti, «Güýz», «Söýgi» sonetler çemenleri), edebiýat teoriýasy, Annaberdi Agabaýew (şahyryň döredijiligi, «Oswensim owazlary» poemasy), Halyl Kulyýew (şygryýeti, «Akar suw» poemasy) barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Türkmen dramaturgiýasynyň ösüşi Güseýin Muhtarowyň mysalynda görkezilýär. Onda dramaturgyň pýesalarynyň täsirliligi, «Allan aganyň maşgalasy» pýesasy hakynda düýpli we täsirli setirler ýerleşdirilipdir. Türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi Kaýum Taňrygulyýewiň döredijiligi bilen baglanyşykly, onuň «Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň» goşgular toplumy beýan edilýär. Beýleki bölümler babatda hem täsin we gyzykly, iň derwaýys maglumatlar ösüniň çeper beýanyny tapypdyr.
Ýurdumyzdaky uly özgertmeleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi