
Täzelikler
691

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 19-dan mart aýynyň 1-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäher mugallymçylyk uniwersiteti we Ynsanperwer ylymlary instituty tarapyndan yglan edilen “Homo dicens” atly rus dili ugry boýunça Halkara olimpiada geçirildi. Bu halkara bäsleşige Türkmenistanyň talyplary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Iordaniýa, Serbiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Moldowa Respublikalaryndan, jemi 200-e golaý talyplar gatnaşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby Sopytaganowa Medine Azadowna bu bäsleşigiň iki tapgyryny üstünlikli geçip, rus dili ugrundan ýokary netije görkezdi. Bu ýokary derejeli bäsleşikde biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyby Sopytaganowa Medine Hytaý Halk Respublikasyndan we Serbiýa Respublikasyndan gatnaşan talyplardan üstün çykyp, I derejeli diploma mynasyp boldy. Bu gazanylan ýokary netije bolsa türkmen talyplarynyň halkara derejede bäsleşmäge ukyplarynyň bardygyny subut etdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti