
Täzelikler
954

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly tarapyndan 35 ýaşa çenli ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik behişdi bedewlerimiziň gözelligini we şan-şöhratyny çeper sözüň üsti bilen wasp etmäge gönükdirildi. Bu barada Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň saýty habar berdi.
Dabaranyň dowamynda özüniň zehini we döredijilik ukyby bilen aýratyn tapawutlanmagy başaran S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekillerine sylaglar gowşuryldy. Hususan-da, uniwersitetiň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa hem-de weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begenç Baýramow bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde ykrar edilip, olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň intellektual we ruhy taýdan kämilleşmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti diňe bir oba hojalygy üçin kämil hünärmenleri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmaga, olaryň ylhamyny goldamaga uly üns berýär.
Geçirilen bäsleşik ýaş nesliň arasynda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmakda we zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýeňiji bolan ýaş döredijilik wekillerine geljekde hem täze rowaçlyklar we ylham joşgunyny arzuw edýäris.