
Täzelikler
1015

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa «Homo dicens» atly rus dili boýunça halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Abraýly bäsleşik Moskwanyň mugallymçylyk uniwersiteti we Ynsanperwer ylymlar instituty (RF) tarapyndan bilelikde guraldy. Şu ýyl olimpiada Russiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Iordaniýadan, Serbiýadan, Moldowadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan 200-e golaý talyp gatnaşdy.
Bäsleşik maksatnamasy iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň dowamynda gatnaşyjylar bilimleriniň çuňlugyny, sözleýiş ussatlygyny we rus dilini bilmegiň ýokary derejesini görkezdiler. Ähli synaglaryň netijeleri boýunça eminleriň karary bilen Medine Sopytaganowa birinji orna mynasyp görüldi we I derejeli diplom bilen sylaglandy.