
Täzelikler
1081

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda informatika boýunça IV halkara açyk internet-olimpiadasynda ýeňiji bolan «Sanly dolandyryş» ugrunyň magistrantlaryny ssylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Bu intellektual ýaryşa dünýäniň 16 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Saud Arabystanyndan, Malaýziýadan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan 57 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň 793 talyby gatnaşdy.
Akademiýanyň magistrantlary üçin bu bäsleşik halkara derejesindäki ilkinji çykyş boldy we ol uly üstünlik bilen tamamlandy. Topplanan ballaryň jemine görä, bäş sany türkmen talyby ýeňijileriň hataryna girdi. Mynasyp baýraklary alan we aýratyn tapawutlanan magistrantlaryň arasynda Batyr Annamyradow, Böri Hydyrow, Şahnoza Bagtyýarowa, Akmuhammet Aşyrow we Bezirgen Ýaýlymow bar.
Şahsy we toparlaýyn hasaplamalaryň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolanlara I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.