
Täzelikler
1126

2026-njy ýylyň 26-28-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetiniň gurnamagynda Demirgazyk ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 12-nji Halkara matematika bäsleşigi (12th Northern Countries Universities Mathematical Competition NCUMC-2026) geçirildi. Bu bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby Haýytmuhammedow Yslam we Nebit we gaz fakultetiniň talyby Myratgeldiýew Halmyrat bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldular. Bu üstünlikler talyplaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna özboluşly sowgady boldy.
Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetinde geçirilen bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Halkara derejesindäki bäsleşikde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde gazanylan ýeňişler ylym-bilim ulgamynda täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykýandygyny, olaryň alan bilimleriniň we ukyp-başarnyklarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti